Ertir ― 15-nji martda AFK-nyň Çempionlar ligasynda saýlama duşuşyklar geçiriler. Olarda toparlar ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmak üçin göreşerler.
Ertir gündogar sebitde dört (bäş bolmalydy, biri ýatyryldy), günbatar sebitde bolsa üç ― jemi ýedi duşuşyk geçiriler. Türkmenistanly futbol janköýerlerini şolaryň ikisi ýakyndan gyzyklandyrýar.
Olaryň biri günbatar sebitdäki «Bani Ýas» (BAE) ― «Nasaf» (Özbegistan) duşuşygydyr. Bu duşuşygyň ýeňijisi «E» toparçanyň wekili bolar. Häzir bu toparçada Kataryň «Al-Sadd», Saud Arabystanynyň «Al-Feýsali» we Iordaniýanyň «Al-Ramta» toparlary bar.
«Nasaf» ertirki duşuşykda ýeňiş gazanyp bilse, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň şu möwsümine Özbegistandan wekilçilik etjek ikinji topar bolar. Eger Garşy şäheriniň topary muny başarmasa, AFK-nyň kubogynda, geçen ýylky ýaly, ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyryň» garşydaşy bolar. «Nasaf» AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp bilse, yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda «Altyn asyr» bilen bir toparçada Özbegistandan «Sogdiana» ýaryşar.
Gündogar sebitdäki «Wissel Kobe» (Ýaponiýa) ― «Melburn Wiktori» duşuşygynyň ýeňijisi AFK-nyň Çempionlar ligasynyň «J» toparçasyna goşular. Bu toparçada Gonkongyň «Kitçi» toparynyň hem ýaryşýandygyny ýatladýarys. Topar ýakynda türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazowy düzümine goşupdy.
Umuman, ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda aşakdaky duşuşyklar bolar:
Gündogar sebit:
«Ulsan Hýonde» (Ýaponiýa) ― «Port» (Tailand), Ulsan şäheri, «Ulsan Munsu» stadiony. Başlanjak wagty: 15:00 (Aşgabat wagty bilen).
«Wissel Kobe» (Ýaponiýa) ― «Melburn Siti» (Awstraliýa), Kobe şäheri, «Noýewir» stadiony. Başlanýan wagty: 15:00.
«Tegu» (Ýaponiýa) ― «Buriram Ýunaýted» (Tailand), Tegu şäheri, «Tegu» stadiony. Başlanýan wagty: 15:30.
«Çançun Ýataý» (Hytaý) ― «Sidneý», duşuşyk ýatyryldy.
Günbatar sebit
«Al-Tawun» (Saud Arabystany) ― «Al-Jaiş» (Siriýa), Buraýda şäheri, «King Salman Sport Siti» stadiony. Başlanjak wagty: 20:50.
«Şarja» (BAE) ― «Al-Zawra» (Yrak), Şarja şäheri, «Şarja» stadiony. Başlanýan wagty: 21:15.
«Bani Ýas» (BAE) ― «Nasaf» (Özbegistan), Abu-Dabi şäheri, «Baniýas» stadiony. Başlanýan wagty: 21:15.