Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirer

14:5612.03.2022
0
35322

Wise-premýer, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Serdar Berdimuhamedow Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazansa, ýurduň oňyn Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

«Maňa uly ynam bildirilse, elbetde, ýurdumyzyň Bitarap daşary syýasatyny dowam etdirerin» diýip, TASS onuň aýdanlaryny getirdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň parahatçylygy söýýän döwletdigini we daşary syýasatyň esaslarynyň biri dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek, halkara guramalary, ilkinji nobatda BMG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdygyny aýtdy.

Şu gün Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň geçirilýändigini ýatladýarys. Onuň üçin dokuz dalaşgär görkezildi, şolaryň biri hem Serdar Berdimuhamedowdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň