Soňky habarlar

Arhiw

Azmun «Baýer» bilen Ýewroligadaky ilkinji duşuşygyna gatnaşdy, «Barselona» öz meýdanynda ýene ýeňip bilmedi we başga netijeler

11:0811.03.2022
0
3682
Azmun «Baýer» bilen Ýewroligadaky ilkinji duşuşygyna gatnaşdy, «Barselona» öz meýdanynda ýene ýeňip bilmedi we başga netijeler

Eýranly türkmen Serdar Azmun «Baýeriň» düzüminde Ýewropa ligasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Ol 1/8 finalyň çäginde «Atalanta» bilen bolan duşuşygyň 85-nji minudynda oýna girdi. Duşuşyk 3:2 hasabynda «Atalantanyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Nemes toparyna geçen gyşda goşulan eýranly türkmen duşuşykda 8 minut meýdanda galdy. Ol «Baýeriň» düzüminde ilkinji duşuşygyny «Bawariýa» bilen bolan oýunda geçiripdi.

«Kamp Nouda» «Barselona» bilen «Galatasaraýyň» arasynda geçirilen duşuşyk ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan hem bolsa, hasaby açyp, öňe saýlanmak toparlaryň hiç birine-de eýgertmedi.

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynda bolan ähli duşuşyklaryň netijeleri bilen aşakda tanyş boluň:

«Portu» ― «Lion» ― 0:1.

Gol: Lukas Paketa, 59.

«Real Betis» ― «Aýntraht Frankfurt» ― 1:2.

Gollar: Nabil Fekir 30 ― Filip Kostiç 14, Daidi Kamada 32.

«Sewilýa» ― «West Hem Ýunaýted» ― 1:0.

Gol: Mnir El-Haddadi 60.

«Leýpsig» ― «Spartak Moskwa» (ýatyryldy)

«Barselona» ― «Galatasaraý» ― 0:0.

«Reýnjers» ― «Srwena Zwezda» ― 3:0.

Gollar: Jeýms Tawernýe 11 (pen.), Alfredo Morelos 15, Leon Balogun 51.

«Braga» ― «Monako» ― 2:0.

Gollar: Abel Ruis 3, Witor Manuel Karwalýo Oliweýra 89.

«Atalanta» ― «Baýer» ― 3:2.

Gollar: Ruslan Malinowskiý 23, Luis Murýel 25, 49 ― Çarles Arangis 11, Mussa Diabi 63.

Jogap duşuşyklary 17-nji martdan 18-nji marta geçilýän gijede geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň