Aşgabat şäheriniň saýlawçylary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň ikisi bilen duşuşdylar

23:2006.03.2022
0
3504

Şu gün — 6-njy martda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri S.Döwletow açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň kafedra müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ç.Sylabowa söz berildi. Ol dalaşgäri oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän, guramaçylyk başarnyklaryny görkezen işewür ýolbaşçy hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde ýokary derejeli hünärmen hökmünde häsiýetlendirip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň hormata mynasyp şahsy häsiýetlerini belledi.

Soňra dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň möhüm ugurlaryny beýan edip, Garaşsyzlygyň 30 ýylynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ägirt uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

H.Nunnaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de ýurduň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň innowasiýa we diwersifikasiýa esasynda döwrebaplaşdyrylmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döredijilikli syýasatyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Dalaşgär saglygy goraýyş ulgamyny hem-de lukmançylyk ylmyny, sporty we syýahatçylygy, medeniýeti mundan beýläk-de ösdürmek hem-de berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn we hemmetaraplaýyn bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek wezipelerini ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem daşary syýasatda Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn üns beriljekdigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda H.Nunnaýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi, olaryň aglabasynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary gozgalýar.

Dalaşgär iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň, halkyň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň bähbidine döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli amala aşyrylmagyny ugur edinjekdigine ynandyrdy.
***
Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň gurluşyk kafedrasynyň mugallymy A.Täşliýew açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýewe söz berdi. Ol ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony işewür we ýokary hünärli adam hökmünde häsiýetlendirip, oňyn başlangyçlary öňe sürýän, jogapkärli, guramaçylyk ukyply ýolbaşçylyk başarnyklaryny belledi.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny giňişleýin beýan etdi, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» onuň esasyny düzdi.

M.Öwezgeldiýew maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler strategiýasyna berk eýerjekdigini nygtady.

M.Öwezgeldiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine, ýurduň dünýä derejesindäki abraýynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna hem-de halkara başlangyçlaryň ilerledilmegine gönükdirilen oňyn syýasy ugry amala aşyrmak üýtgewsiz dowam etdiriler.

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda ulag we aragatnaşyk, nebitgaz toplumy, energetika, himiýa hem-de ýeňil senagat, gurluşyk, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, obasenagat toplumynyň, şeýle hem durmuş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek wezipeleriniň oňyn çözülmegine aýratyn üns berler.

Dalaşgär ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda oba we şäher ýaşaýjylary üçin deň şertleri döretmek wezipelerini möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitledi.

Soňra M.Öwezgeldiýew ýygnananlaryň ilata hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini we hilini has-da ýokarlandyrmak, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary aň-düşünjeli ýaş nesli hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, milli medeniýeti ösdürmek, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna aýawly garamak bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berdi.

M.Öwezgeldiýew duşuşykda işjeňlik görkezendikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, päk ýürekli hem-de tutanýerli zähmet çekip, ähli gujur-gaýratyny, bilimini we başarnyklaryny Watanymyza hem-de halkymyza gulluk etmäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşyklarda çykyş eden saýlawçylar dalaşgärleriň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek ugrunda ähli tagallalary etjekdikleri üçin olara hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň