Şu gün, 5-nji martda Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ligasyna badalga berlip, ol 6-njy martda tamamlanar.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, şu möwsümde ýerli çempionatda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Rahat Japarow hem çykyş eder. Türkmenistanly derwezeçi şu ýylyň ýanwar aýynda «Abdyş-Ata» toparynyň düzümine goşuldy. «Abdyş-Ata» topary birinji tapgyryň çäginde «Kara-Balta» topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 5-nji martda Kant şäherinde geçiriler. «Abdyş-Ata» topary ikinji tapgyrda öz meýdanynda Bişkek şäheriniň «Alga» topary bilen güýç synanyşar.
Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynyň şu möwsümi toparlaryň 10-synyň («Neftçi», «Abdyş-Ata», «Alaý», «Kanagat», «Alga», «Dordoý», «Ilbirs», «Kara-Balta», şeýle-de çempionatyň iki sany täze wekili — «Talant» DÝUSŞ IBS we «Nur-Batken») gatnaşmagynda geçiriler.
Belläp geçsek, ýurduň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde Bişkek şäheriniň «Dordoý» toparynyň ýeňiji bolmagy başardy.