Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Balzaminowyň öýlenişi» atly täze oýun sahnalaşdyryldy

14:3304.03.2022
0
1187

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimowyň terjime eden Aleksandr Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi» atly aýdym-sazly gülkili pýesasy sahnalaşdyrylýar.

Bilşimiz ýaly, görnükli rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiý «Balzaminowyň öýlenişi» atly eserini 1861-nji ýylda ýazýar. Eseriň mazmunyna görä, onda Pawla Petrowna Balzaminowa öz ogly Mihaýlo Dmitriýa Balzaminowyň öýlenmegini isleýär. Emma onuň oglunyň söwedeňläp ýörşüne, hiç bir gyza göwni ýetenok. Ejesi oglunyň aňyna-maňyna garaman ady belli sawçy Akulina Gawrilowa Krasawina ýüz tutup, ogluna gelinlik gözlemegini haýyş edýär.

Oglunyň bagty çüwüp, ol serkerde Lukýan Lukýanyç Çebakow bilen tanyşýar. Çebakow Balzaminowy öz söýgülisiniň jigisi bilen tanyşdyrýar. Ol Balzaminowyň kömegi bilen öz söýgülisi bilen ara saklaýar Gyzyň doganlary öz uýalaryna atasyndan galan mirasdan paý bermejek bolup, olary gulp astynda saklaýarlar.

Balzaminow Çebakowyň aldawyna düşüp, ädik ussasy bolan bolup, gyzlaryň öýüne barýar we doganlaryndan gaçyp, zordan başyny sypdyrýar. Ol baý dul aýalyň baýlygyny küýsäp, oňa aşyk bolýar. Gelinligiň hüý-häsiýetine garaman oňa öýlenýär. Baý gelin edinmegiň arzuwynda bolup ýören ýigidiň hem, ejesiniň hem gökdäki dilegi ýerde gowuşýar. Balzaminow gülkünç ýagdaýlara sezewar bolup, maksadyna ýetýär.

Täze sahna eseriniň režissýory Merdan Handurdyýew, kompozitory Döwletgeldi Ökdirow, geýim boýunça suratkeşi Keýik Hojaýewa, sahna bezegi boýunça suratkeşi Aýnabat Jumamyradowa, tans goýujylary Bahar Meretalyýewa bilen Olga Wasilýewa, režissýoryň kömekçileri Parahat Ibragimow bilen Ogulsenem Gurbandurdyýewa, ses režissýory Myrat Gurbanow, yşyk bezegini bolsa Gaýgysyz Gurbanow ýerine ýetirýär.

Täze sahna eserinde Türkmenistanyň halk artisti Halbike Dowyýewa Pawla Petrowna Balzaminowanyň, artist Ata Şarlyýew Mihaýlo Dmitrowiç Balzaminowyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Aýsoltan Kowusowa Belotelowanyň, Nargiza Halykowa Akulina Gawrilowna Krasawinanyň, artist Maýa Weligylyjowa Matrýonanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew Lukýan Lukýanyç Çebakowyň, artist Nurgözel Gurbandurdyýewa Raisanyň, Gülnabat Abdullaýewa Anfisanyň, Ýazbibi Sapargeldiýewa Himkanyň, şeýle-de Orazberdi Orazow bilen Ahmet Amandurdyýew dagylar doganlaryň keşbinde çykyş edýärler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Balzaminowyň öýlenişi» atly aýdym-sazly gülkili sahna eseri Medeniýet ministrliginiň teatr bölüminiň bilermenler topary tarapyndan gözden geçirilip, gyzgyn garşylandy. Bu bolsa teatryň döredijilik toparynyň çeken zähmetiniň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň