Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dükanda Merkeliň gapjygyny ogurladylar

13:4326.02.2022
0
1409
Dükanda Merkeliň gapjygyny ogurladylar
Surat: Global Look Press/dpa/Christophe Gateau

«Iz.ru» saýtynyň «Online Focus» internet portalyna esaslanyp habar bermegine görä, dükanda söwda edip ýörkä Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkeliň gapjygyny ogurladylar.

Wakanyň Berlin-Mitte etrabyndaky Morseştrasse diýen ýerdäki supermarketde bolandygy aýdylýar, Merkeliň gapjygy şol wagt azyk harytlaryny daşaýan tigirçeginde ýatan eken. Ogurlykdan hatda öňki kansleriň köp sanly gorag gullugy hem bihabar galypdyr.

Angela Merkel Fridrihştrasse diýen ýerdäki 53-nji belgili polisiýa nokadyna baryp, puluny ogurladandygy barada arza ýazypdyr.

Merkel GFR-niň kansleri wezipesini 2005 — 2021-nji ýyllar aralygynda eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň