Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy

22:3725.02.2022
1
9410

Türkmenistanda ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň