Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ysraýylda Toyota Prius we Hyundai Ionic ulaglarynyň satuwy bes edildi

11:0125.02.2022
0
914
Ysraýylda Toyota Prius we Hyundai Ionic ulaglarynyň satuwy bes edildi
Surat: trend.az

Awtoulaglary import edijiler Ysraýylda gibrid hereketlendirijili iň meşhur kysymlaryň — Toyota Prius we Hyundai Ionic awtoulaglarynyň söwdasynyň bes edilendigini habar berdiler, bu barada «Trend» habarlar gullugy newsru.co.il. saýtyna esaslanyp habar berdi.

Toyota kompaniýasynyň öndürýän awtoulaglaryny bu ýurda eltýän Union Motors kompaniýasy mundan beýläk Ysraýyla Prius Hybrid kysymynyň ýerine Corolla Sedan Hybrid kysymynyň eltiljekdigini mälim etdi.

Ýurduň bazaryndan iki sany iň ýörgünli kysymyň gitmegine 2022-nji ýylyň ýanwarynda Ysraýylda gibrid hereketlendirijili ulaglary satyn almak üçin salgydyň möçberiniň ýokarlandyrylmagy sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň