Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Win Dizel «Forsaž 10» filminiň surata düşüriljek ýerlerini mälim etdi

14:4024.02.2022
0
5727

Gürrüňi edilýän tapgyrlaýyn filmleriň baş gahrymany, prodýuser Win Dizel özüniň resmi «Twitter» sahypasynda «Forsažyň» onunjy filminiň surata düşüriljek ýeri barada aýtdy.

Aktýoryň bellemegine görä, filmde esasy wakalar Beýik Britaniýada, has takygy, Londonda bolup geçer. Şeýle hem aktýor internet sahypasynda Pol Woker hem-de Taýriz Gibson bilen düşen suratyny ýerleşdirdi. Dizeliň bu täzeligini filme gatnaşyjylaryň ählisi, şol sanda ýedinji filmde aradan çykan Pol Wokeriň ýerine çykyş eden Kodi Woker dagy hem halandygyny beýan etdi. Kinonews.ru web saýtynyň belleýşi ýaly, ol filmiň ahyrky tapgyrlarynda-da çykyş eder.

«Forsaž 10» filminiň ilkinji görkezilişi 2023-nji ýylyň ýazyna meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň