Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Geçen döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklary özara hormat goýmak, düşünişmek, deňhukuklylyk hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürmek babatda möhüm işler alnyp baryldy diýip, türkmen Lideri gutlag hatynda belledi we hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagyň zerurdygyny, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge hem-de giňeltmäge ygrarlydygyny nygtap, olaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Bilelikdäki tagallalaryň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň pugtalandyrylmagynda we halklarymyzyň abadançylykda ýaşamaklarynda aýratyn orny bardyr.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.