Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň üçüsine hormatly atlary dakdy

22:1116.02.2022
0
16784

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletiň we halkyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Amangeldiýewiç Haýdarowa, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň çagalar we ýetginjekler bilen işleýän hünärmeni Aly Täçgulyýewiç Alyýewe, Mary welaýatynyň Mary şäher Bagşylar öýüniň akkompaniatory Azat Amanmuhammedowiç Oramadowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly atlar dakyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň