Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji martda Türkmenistanda Prezident saýlawlaryny wagtyndan ozal geçirmek baradaky çözgüdini goldady. Bu barada döwlet Liderleri şu gün geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde pikir alyşdylar.
Gazak Lideriniň metbugat gullugy Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hormat goýýandygyny we Gurbanguly Berdimuhamedowyň wagtyndan ozal Prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky kararyny goldaýandygyny ýazdy.
Gazak Lideriniň pikirine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň ägirt uly syýasy we durmuş tejribesi, şübhesiz, bu döwletiň gülläp ösmegine sebäp bolar.
Iki ýurduň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegini, şol sanda Gazagystanyň Lideriniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherine eden döwlet saparyndan soň gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwlet Baştutanlary özara söwdanyň ösüşini, energiýa, ulag, senagat we oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlenmegini kanagatlanma bilen bellediler. Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy söhbetdeşlikde iki dogan döwletiň arasyndaky söwda, ykdysady, maýa goýumlary, medeni we gumanitar gatnaşyklary has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirilendigini aýtdy.