Top.Mail.Ru

«Gerekli» internet dükany müşderilerine «Samsung» flagmanlaryny öňünden sargyt etmegi teklip edýär

18:0610.02.2022
0
8418

9-njy fewralda «Samsung» kompaniýasynyň täze «Galaxy S 22» flagman modeliniň dünýä tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy bu täze önümi öňünden sargyt etmek we onuň eýesi bolmaklyk üçin ajaýyp mümkinçiligi yglan edýär.

«Samsung» kompaniýasynyň täze «Galaxy S 22» flagman modeliniň sargytlary gerekli.tm web sahypasynda 10-njy fewraldan 28-nji fewral aralygynda kabul edilýär. Sargyt edilen bu model bir aýyň içinde degişli salga gowşurylar.

Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň uly ýaşly (18 ýaşdan uly) raýatlary pasportlaryny görkezenlerinden soň, täze smartfony sargyt edip bilerler. Mundan başga-da, müşderi sargyt töleginiň azyndan 20 göterimini öňünden tölemeli.

«Gerekli» internet dükanyndan iň täze flagman modellerini sargyt eden müşderilere sowgat hem berilýär: müşderiler «Samsung Galaxy S22» , «Samsung Galaxy S22+» smartfonlaryny sargyt edende, sowgat hökmünde «Samsung watch 4 40mm» sagadyny, «Samsung Galaxy S22 Ultra» smartfonyny sargyt edeninde bolsa sowgat hökmünde «Samsung watch 4 r870 44mm» sagadyny alarlar. Bir pasporta – bir sowgat.

«Gerekli» internet dükanyndan deslapky sargyt bilen satyn alnan smartfonlara bir ýyl kepillik berilýär.

Üns beriň: kompaniýa harydy alyja geçirende bahalary arzanlatmak hukugyny özünde saklaýar.

«Samsung Galaxy S22» , «Samsung Galaxy S22+» we «Samsung Galaxy S22 Ultra» smartfonlaryny gerekli.tm web sahypasyna girip ýa-da +99364065666 telefon belgisine jaň edip sargyt edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň