Şu günki geçen brifingde Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habarlar we neşir bölüminiň direktory Mariýa Zaharowa Russiýadan Türkmenistana 800 müň sany «Sputnik Laýt» sanjymynyň iberilendigi barada habar berdi.
Diplomat çykyşynyň dowamynda ýeňil bolmadyk pandemiýa şertlerinde iki döwletiň ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmek babatda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtady. Şeýle-de onuň bellemegine görä, 2022-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistana iberilen 800 müň sany sanjymyň 300 müňüsi tölegsiz esasda üpjün edilýär.