Turkmenportal logo
02.02.22
14901490
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSGG: ýurtlara COVID-çäklendirmeleri ýatyrmakdan ir
Surat: profile.ru

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri dünýä döwletleriniň COVID-19-çäklendirmeleri ýatyrmagynyň heniz irdigini bellemek bilen, seresaplylygy elden bermezlige çagyrdylar. Bu barada Interfaks ýazýar.
«Biz ätiýaçly bolamagy maslahat berýäris, sebäbi heniz ýurtlaryň köpüsi omikronyň güýjeme döwründe dur. Şeýle-de sanjym işi hem pes barýar. Şonuň üçin çäklendirmeleri birbada aýyrmakdan saklansa gowy» diýip, BSGG-niň COVID-19 meselesi boýunça ýolbaşçysy Mariýa Wan Kerkhowy düýn metbugat ýygnagynda belledi.


Bu barada pikiri guramanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýerine ýetiriji direktory Mark Raýan hem tassyklady we ol ýurtlary öz çäklerindäki ýagdaýa laýyklykda hereket etmäge çagyrdy.


Ol çäklendirmeleri ýatyrmakçy bolýan döwletlere olary adamlaryň razylygy bilen gaýtadan dikeltmek mümkinçiliklerine doly göz ýetirip, ýatyrmagy maslahat berdi.