RIA Nowosti habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Italiýanyň häzirki döwlet baştutany Seržo Mattarella bu wezipede ikinji möhlete saýlandy. Ýurduň Mejlisinde geçen saýlawlaryň sekizinji tapgyrynda oňa deputatlaryň köplügi, ýagny 759 deputat ses berdi. Prezident wezipesine saýlanmak üçin bolsa, sesleriň 505-sini gazanmak ýeterlikdir.
Segsen ýaşly Mattarella öň bu wezipäni terk etmekçidigini, geljek hakda başga meýilleriniň bardygyny habar beripdi. Emma mejlisiň deputatlary onuň ornuna geçen saýlawlaryň ýedi tapgyrynda hiç bir dalaşgäri saýlap bilmediler.
Netijede, olara ýurtda emele gelen syýasy ýagdaý sebäpli, Mattarellany ikinji möhlete saýlanmaga yrmak başartdy.