Türkmenistan bilen Owganystan ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Hyrat welaýatyndaky «Nur-ul-Jahad» elektrik bekediniň kuwwatyny artdyrmak boýunça şertnama gol çekdiler.
Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energiýa kompaniýasynyň habar bermegine görä, (DABS) Kabulda owgan tarapy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de «Çalik Enerji» türk kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda gepleşikleri geçirildi. Dört gün dowam eden gepleşikleriň netijelerine laýyklykda, «Nur-ul-Jahad» elektrik bekediniň kuwwatyny 110 kilowatdan 220 kilowata çenli artdyrmak boýunça üçtaraplaýyn şertnama gol çekildi.