Soňky habarlar

Arhiw

“Tut” haryt nyşanly içgileriň täze görnüşleri öndürilýär

12:3822.01.2022
0
13962
“Tut” haryt nyşanly içgileriň täze görnüşleri öndürilýär

Häzirki wagtda Türkmenistanda gazlandyrylan içgileri öndürýän kärhanalaryň hatarynda “Jadyly çeşme” hususy kärhanasynyñ “Tut” alkogolsyz gazlandyrylan içgileri täze önümleriñ görnüşlerini halk köpçüligine hödürleýär. Bu günki günde kärhana gazlandyrylan dürli görnüşli içgileriň 7 görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Olar “Gurt”, “Gant”, “Belle”, “Multishake”, “Ary” zirk-limon we täze önüm “Tut Kola” we “Tut Orange” içgileri hem-de arassa agyz suwunyň gazly we gazsyz görnüşlerinden ybarat.

Tut agajynyň berkliginiň nyşany hökmünde kabul eden haryt nyşanly önümlere Germaniýanyň “Döhler” kompaniýasynyň ýokary hilli goşundylary goşulyp, olar 0,250 litr, 0,330 litr, 0,4 litr, 1 litr hem-de 1,5 litr mukdarda öndürilýär. Kärhananyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, “Tut” içgileriniň aýratynlygy olara şeker goşulyp, miweleriň belli bir derejede tebigylygynyň saklanýanlygydyr.

“Jadyly çeşme” hususy kärhanasynyň barlaghanasy dünýäniň ABŞ, Şweýsariýa, Italiýa hem-de Türkiýe ýaly ösen ykdysadyýetli döwletleriniň önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen. Kärhanada suwy gaýtadan işleýän ýokary derejeli süzgüçli enjamlar 1 sagatda ortaça 35 müň litr suwy gaýtadan işläp bilýär. Şeýle-de kärhanada hil we mukdar barlaglary, PET gaplaryň hem-de gapaklaryň barlagy, C.I.P barlaglary yzygiderli tertipde alnyp barylýar.

Häzirki wagtda kärhananyň täze önümi bolan “Tut Kola” we “Tut Pyrtykal orange” içgileriniň gapaklarynda uly utuşly aksiýalaryň dowam edýändigini hem ýatladýarys. Bu aksiýada 1000-lerçe sowgatlar şol sanda baş baýrak bolan awtomobiliň hem utuşly gapaklarda goýulandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň