Turkmenportal logo
19.01.22
951951
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lawrow we Blinken golaý wagtda Ýewropada duşuşarlar

INTERFAX.RU habarlar gullugy golaý wagtda RF-niň we ABŞ-nyň daşary ýurt edaralarynyň ýolbaşçylary Sergeý Lawrow bilen Entoni Blinkeniň Ýewropada duşuşjakdyklaryny habar berdi. Häzir duşuşyga işjeň taýýarlyk görülýär diýip, düýn Russiýanyň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa beýanat berdi.


«Häzir öňde boljak duşuşygyň üstünde işlenilýär, ol tassyk bolan dessine biz habar bereris» diýip, Zaharowa «Rossiýa-1» teleýaýlymynda habarçynyň sowalyna beren jogabynda belledi.
«Kommersant» gazeti duşuşygyň 21-nji ýanwarda Ženewada geçmeginiň mümkindigini ýazýar.