Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasy: «Ahal» bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar

17:4207.01.2022
0
6560

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyry üçin bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar. Bu barada şu gün AFK-nyň resmi saýty habar berdi.

Üçünji sebitde «Ahaldan» başga-da, Özbegistanyň «Pahtakor», Iordaniýanyň «Al-Wehdat», Hindistanyň «Mumbaý Siti», Täjigistanyň «Istiklol», Filippinleriň «Ýunaýted Siti», Gonkongyň «Kitçi», Wýetnamyň «Hoang Anh Gia Lai», Malaýziýanyň «Johor Darul Tazim» we Singapuryň «Lion Siti» toparlary bar.

Bije çekilişige jemi dört sebediň wekilleri gatnaşar. Bije çekilişik dabarasy 17-nji ýanwar güni Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 11-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň