Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa garaşylmadyk bahar geldi

18:2104.01.2022
0
1025

Haýran galaýmaly, Sauda gar gütläp düşen wagty adatça ýylyň bu döwri şatlama aýaza gaplanýan Ýewropada hakyky alabahar höküm sürýär.

Ýagny yklymyň günortasyna hakyky bahar geldi. Ispaniýada howa 20 derejä çenli maýlady, Apennin adalarynda 15, Kanar adalarynda hatda 26 derejede maýylganlyk höküm sürýär. Adamlar pusady elden bermäli diýip, suwa düşülýän ýerlere eňdiler, kimler köçe garbanyşhanalaryndan çykanok. Londonda we Parižde 11 dereje maýyllyk, Lissabonyň ilaty hem ýagyrnyňy çoýup barýan ýakymlyja howanyň hezilini görýärler, bu ýerde 17 derejede maýyl şemal öwüsýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň