Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew Bütindünýä azerbaýjanlarynyňň raýdaşlyk güni hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli halka ýüzlenmesinde Azerbaýjanda 2022-nji ýyly «Şuşa ýyly» diýip yglan etmeklik barada karara gelendigini dile getirdi. Bu barada «news.milli.az» web sahypasy habar berdi.
Azerbaýjan Lideri öz ýüzlenmesinde: «2022-nji ýylda Şuşa şäheriniň 270 ýyllygyny belläris. Panahali han 1752-nji ýylda Şuşanyň düýbüni tutdy we bu ýubileýi ýetip gelen Täze ýylda – 2022-nji ýylda uly dabara bilen belläris.» - diýip aýratyn belläp geçdi.