Top.Mail.Ru

Pelosi 2022-nji ýylyň aýagynda iş başyndan gidip biler

12:1404.01.2022
0
1078

ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň spikeri Nensi Pelosi şu ýylyň ahyrynda iş başyndan gitse gerek, bu barada ýurduň The Washington Post gazeti habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Wekiller Palatasynyň täze ýolbaşçysy wezipesine Nýu-Ýorkdan bolan demokrat Hakim Jeffris bellense gerek, ol häzir bu wezipä iň uly mümkinçiligi bolan dalaşgär hasaplanýar.

Ýeri gelende aýtsak, Nensi Pelosi bu wezipede 19 ýyl bäri işläp gelýär. “Gallup” wekilhanasynyň soňky geçiren pikirsoraşmanyň netijesinde onuň bu wezipedäki işini pikiri soralanlaryň 58 göteriminiň makullamaýandygy belli bolupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň