Şu gün — 30-njy dekabrda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek, şeýle-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksadyndan ugur alnyp geçiren «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edip, olara mynasyp bolan sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory, şahyr Kakamyrat Rejebow çykyş edip, geçirilen bäsleşigiň ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýetiniň bolandygyny, şeýle-de bäsleşige ýurduň ähli künjeginden dürli ugurlarda zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlardan 100-den gowrak makalalardyr oçerkleriň, söhbetdeşlikleriň gelendigini belläp geçdi. Mundan başga-da dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew hem çykyş etdi. Ol öz çykyşynda mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlaryň, şeýle-de birnäçe ugurlarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda ministrlikler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde döredijilik bäsleşikleriň ýygy-ýygydan geçirilýändigini, şol bäsleşiklerde bolsa täzeden-täze ýaş zehinleriň ýüze çykýandygyny belläp geçdi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginde eminler topary tarapyndan şu aşakdaky ady görkezilen ýaşlar ýeňiji diýlip yglan edildi:
Baş baýrak — Mätgurban Mätgurbanow, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Bäsleşigiň ýeňijileri
1. Seýran Seýitmämmedow, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň mugallymy.
2. Şamyrat Muhammetgurbanow, «Turkmenportal.com» web saýtynyň habarçysy.
3. Kakajan Çaryýarow, TGM-niň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.
4. Guwanç Mämiýew, TGM-niň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.
5. Aýlar Atajykowa, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.
6. Maksatmyrat Çaryýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
7. Toýly Muhammetdurdyýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
8. Gurbanmyrat Saryýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
9. Aýsenem Gurbanowa, «Watan» gazetiniň bölüm müdiri.
10. Şähribossan Öwezowa, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň bölüm müdiri.
11. Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.
12. Döwran Karajaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.
13. Ogulnur Pirjikowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
14. Gurban Myradow, Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
15. Döwletnazar Işangulyýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň öz habarçysy.
16. Jumamyrat Gutlyýew, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň Býujet jemleýji bölümçesiniň esasy hünärmeni.
17. Aýparça Akymowa, «Maru-şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy.
18. Jahantäç Öwezowa, «Biznes reklama» gazetiniň öz habarçysy.
19. Gülşöhle Rejebowa, Aşgabat şäheriniň 85-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.
20. Saparnepes Atabaýew, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.