Düýn Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi binasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalarynyň, hususy itşynaslaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň 27-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki jemleýji mejlisinde her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekmegi bilen bagly şatlykly waka bagyşlandy.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler alabaýlaryň türkmen halkynyň diňe bir kömekçisi, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dosta öwrülendigini nygtadylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda türkmen alabaýlarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda bar bolan gorag itleriniň hatarynda öňdäki orunlara mynasypdygyna aýratyn üns çekildi. Ýeňşe bolan erki, beden we ruhy güýji, wepadarlygy bilen tapawutlanýan alabaýlar halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri, taryhy ýadygärlikleri, milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan beýleki gymmatlyklar bilen bir hatarda durýar. Türkmenler bedewi arzuwy, alabaýlary bolsa bagty hasaplapdyrlar. Alabaýlara şeýle baha berilmegi olaryň üstünligini we ýeňşini alamatlandyrýar diýlip çykyşlarda nygtaldy.

