Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatdaky Gurjak teatrynda Täze ýyl dabarasy geçirildi

15:5428.12.2021
0
5445

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Täze ýyl çykyşlary guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Bu gezek ajaýyp bezelen arça agajynyň ýanynda Aýazbabadyr Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşýan çagalaryň ýanyna gara ýapynjasyna birgiden ýyldyz çekilen jadygöý we hokgabaz çykdy. Özüniň gudrata dahyllydygyny subut etmek üçin, ol derrew birnäçe hile görkezdi we oglan-gyzlary, şeýle hem erteki keşplerini – Gargany, Horazy, Kirpini, Towşany we hatda sübseli jadygöý kempiri-de bildirmän oýna çykardy.

Arça agajynyň ýanyna Aýazbaba bilen Garpamyk çykanda, şowhun has-da artdy. Aýazbabanyň haltasynda köp sowgat bardy we aýdym ýa-da goşgy aýdan her bri çaga sowgat berýärdi. Çagalar: “Bir! Iki! Üç!” diýen jadyly sözleri gygyryp aýtmak bilen, Aýazbaba arçanyň üstündäki yşyklary ýakmaga kömek etdiler. Soň bolsa Aýazbaba çagalary teatryň Uly zalyna çagyrdy, ol ýerde gurjaklar we artistler “Towşan we Tilki” atly erteki esasynda oýun görkezdiler.

Şatlykdan ýüzleri gyzaran bagtyýar çagalar ellerine sowgat alyp, Aýazbaba bilen oýun görmäge gitdiler. Gyzykly we nesihat beriji bu ertekide tokaýda bir towşan bilen tilkiniň ýaşandygy aýdylýardy. Tilki özüne buzdan, towşan bolsa agaçdan öýjagaz ýasandy. Şeýdip, olar gyşy goňşularça sag-aman geçirdiler. Ýöne bahar geldi welin, tilkiniň öýi eredi. Towşanyň tilkä ýüregi awap, öz ýanynda ýaşamaga rugsat berdi. Emma hilegär tilki towşany onuň öz öýünden kowmak kararyna geldi. Bir gün ol towşany bir iş bilen bir ýere iberip, gapyny gulplady-da, gaýdyp gelende, towşany öýe salmady.

Itdir möjek towşanyň ýagdaýyna gynanýardylar we ony goramak kararyna geldiler, ýöne bu netije bermedi. Tilki, hatda olara diýýämisiňizem diýmedi. Soňra towşany azapdan gutarmaga horaz girişdi. Azymly we edermen horaz tilkiniň üstüne topuldy-da, ony ýat öýden masgara edip kowdy.

Zaldaky çagalaryň aglabasy mekdep ýaşyna ýetmedikdi, emma ertekide näme diýiljek bolýandygyna düşündiler.

Bu durmuş paýhasyny çagalar bilen paýlaşan sahna režissýory Ylýas Durdyýewdir. Çagalar ertekiniň şeýle tamamlanmagyndan gaty hoşal boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň