Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly sergi geçirildi

20:0127.12.2021
0
15738

«Turkmenportal.com» web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 25 — 27-nji dekabry aralygynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly sergi geçirildi.

Muzeýde görkezilýän kiçijik gurjaklar we üýtgeşik oýnawaçlar ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bolan ussatlaryň özboluşly işleridir. Sergidäki işlerde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna, onuň däp-dessurlaryna we durmuş ýörelgesine üns berlipdir.

Donlar, telpekler, erkek we zenan tahýalary, keteniden tikilen owadan köýnekler, milli lybasly gurjaklar oýunjaklar däl-de, özboluşly we köp asyrlyk taryhynyň özboluşly beýanydyr.
Sergide türkmeniň nesilbaşysy – Oguz hanyň we onuň ogullarynyň keşbi görkezildi. Gülälek Babagulyýewa gurjakda taryhy şahsyýetiň keşbini şekillendiripdir. Onuň şahsy kolleksiýasynda 200-e golaý gurjak bar. Işe başlamazdan ozal ol taryhy, gadymy keşdeleri we nagyşlary öwrenýär, şonuň üçinem onuň gurjaklarynyň milli lybasy aýratyn gelşikli görünýär.

Maral Garaýewanyň «Ömür daragty» atly işi serginiň merkezinde ýerleşdirilipdir. Çeper elli zenanyň elinden çykan işde täze öwüşginler yzygiderli tapylyp dur. Daragtyň aşagynda eli bäbekli ýaş gelin, bagda bolsa oglanjyk otyr. Agajyň beýleki tarpyndaky şahadan asylan sallançakda bäbejik uklap ýatyr, biraz aňyrrakda çagalar agaç hiňňildikde uçýarlar.

Belläp geçsek, «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly sergä gatnaşmaga, ol ýerde görkezilýän gurjaklary synlamaga aşgabatlylar we Aşgabadyň myhmanlarynyň ýüzlerçesi geldiler. Olar bu muzeýde gurjaklardyr oýnawaçlary diňe bir synlaman, eýsem, özlerine sowgatlyk hem aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň