Turkmenportal logo
24.12.2021
14091409
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýada iň köp seredilýän teleýaýlym agzaldy

«ECI Media Management» kompaniýasynyň rus ofisi 2021-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça ähli federal teleýaýlymlaryň auditoriýasynyň görkezijilerini hasaplap, russiýalylaryň arasynda iň meşhur teleýaýlymy anyklady.


Netijede, RF-da iň köp tomaşaçyly teleýaýlymlaryň arasynda ilkinji orny «Rossiýa 1» ýaýlymy eýeledi. Onuň esasy bäsdeşi bolan «Perwyý kanal» teleýaýlymy ikinji orna mynasyp boldy. Üçlügi NTW teleýaýlymy jemledi.
Bu barada RBK ýazýar.

Russiýada iň köp seredilýän teleýaýlym agzaldy | Turkmenportal.com