Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýylyň ahyrynda Daşoguz welaýatynyň iň güýçli agyr atletikaçylary kesgitlenildi

12:2823.12.2021
0
1187

Ýakynda agyr atletika boýunça Daşoguz welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Bu barada «Sport Media» habar berýär.

Sebitde agyr atletikanyň iň ösen etraby bolan Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky 4-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde geçirilen welaýatyň çempionatynda onlarça türgen agram derejeleriniň 15-si boýunça ýaryşdy.

Neşiriň ýazyşy ýaly, zenanlaryň arasynda 45 kilogramda Aýnura Reýimbaýewa, 55 kilogramda Asal Kerimbaýewa, 59 kilogramda Feruza Döwletowa, 64 kilogramda Aziza Kerimbaýewa, 71 kilogramda Aýşat Bazarbaýewa ýeňiji boldy.

Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda 49 kilogramda Babur Amangeldiýewe, 55 kilogramda Narbek Reýimbaýewe, 67 kilogramda Ikram Jumamyradowa, 67 kilogramda Daniýar Durdyýewe, 73 kilogramda Sanjar Sultanowa, 81 kilogramda Muhammet Hudaýbergenowa, 89 kilogramda Umid Ahmedowa, 96 kilogramda Allamyrat Halmyradowa, 102 kilogramda Jasur Jumaýewe, 102 kilogramdan ýokary agram derejesinde Maksat Akbasowa taý tapylmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň