Täze 2022-nji ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Baş drama teatry «Hindi rowaýaty» spektakly bilen teatr möwsümini açdy. Hindi halkyna mahsus ynsanperwerligi, owadanlygy we saza baýlygy bilen bu spektakl teatryň sahnasyndan düşmän gelýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýty habar berýär.
Dramaturg Ahmet Gurbannepesow «Hindi rowaýaty» spektaklynda hindi rowaýatlarynyň birnäçesini bir sahna birleşdiripdir.
Sahna oýnunda gülkili wakalar köp, artisleriň ýerine ýetirýän gülkili keşpleri tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Horeograf Taisiýa Aliýewa bu gyzykly oýnuň gahrymanlarynyň ählisini tans meýdançasyna çykarýar.
Režisýor Eziz Işangulyýewiň «Hindi rowaýaty» spektaklynda artistler Dilşat Meläýewa, Şemşat Kasymowa, Batyr Çaryýew, Orazgeldi Durdyýew, Azat Didarow dagy özlerine ynanylan keşpleri ussatlarça ýerine ýetirmegi başarypdyrlar.
Oýun goýujy nakgaş Maksat Amangylyjow sahnada hindi durmuşyny döredipdir. Ol tomaşaçylary wagtlaýynça wakalaryň bolýan ýurduna alyp gidýär.