«Energetigiň» futbolçysy Garly Garlyýew Türkmenistanyň çempionatynyň şu möwsüminde öz derwezesine pökgi geçiren ýedinji futbolçy boldy.
Mundan ozal toparda şeýle şowsuzlyga 5-nji tapgyrda Merdan Paltaýew uçrapdy.
Möwsümde öz derwezesine pökgi geçirenleriň sanawynda «Altyn asyrdan» Mekan Saparow bilen Myrat Ýagşyýew, «Merwden» Döwletgeldi Mirsultanow, «Köpetdagdan» bagtyýar Gürgenow we «Ahaldan» Şöhrat Söýünow bar. Möwsümde şeýle şowsuzlyga bir gezekden kän uçran futbolçy ýok.