Turkmenportal logo
15.12.21
756756
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TFF Balkanabatda çagalaryň arasynda futbol baýramçylygyny geçirdi

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Balkanabat şäherinde çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» futbol baýramçylygyny geçirdi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.


Guralan baýramçylyk çäresinde Balkan welaýatynyň futbol mekdepleriniň ýaşajyk oglan hem-de gyz futbolçylary öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar.


Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçirilen «Grassroots» futbol baýramçylygynyň dowamynda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol mekdeplerine ýokary hilli futbol toplary bilen birlikde, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.