Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Täze 2022-nji ýylyň garşy alynýan günleri türkmenistanlylara «Binýat» atly täze filmi sowgat eder.
Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň durmuşyndan söhbet açýan filmde gyzykly wakalar beýan edilýär. Onda ýokary okuw mekdebini tamamlan ýaşlaryň ählisi diýen ýaly öz bilim alan ugurlary boýunça däl-de, başga ugurlarda zähmet çekýärler. Ýöne birnäçe ýyl geçenden soň şol ýaşlar bilim alan hünärlerine dolanyp gelýärler.
Nakgaşçylykdan, heýkeltaraşlykdan we sungatyň beýleki ugurlary boýunça bir ýylda bilim alan ýaşlaryň gaýtadan öz hünärlerine gaýdyp gelmegine döwlet derejesinde ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşik sebäp bolýar diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlar öz bilim alan hünärleri boýunça yglan edilen bäsleşik bilen tanşyp, özleriniň taýýarlan işlerine bäsleşige hödürleýärler. Halypalarynyň maslahatlaryna eýerip, olar köpleriň uly gyzyklanmasyny gazanan işleri döredip, bäsleşikde baýrakly orunlary eýeleýärler.
Bäsleşigiň geçýän günleri ýyllykdaşlar birnäçe kynçylyklara döz gelmegi başarýarlar. Olar garşydaş toparyň garşylyklaryndan hem üstünlikli geçip, öz maksatlaryna ýetýärler.
«Binýat» atly täze filmiň režissýory Annadurdy Täşliýew, goýujy režissýory bolsa Rahymberdi Annagulyýewdir. Filmiň sazlary ýaş kompozitorlar tarapyndan ýerine ýetirildi. Filmde baş gahrymanlar Ahmediň keşbinde Ahmet Amandurdyýew, Jennediň keşbinde bolsa Şemşat Kasymowa çykyş edýär.
Täze film Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda tomaşaçylara milli teleýaýlymlaryň üsti bilen ýetiriler.