«Bild» žurnaly Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkeliň pensiýadaky ilkinji gününi nähili geçirendigini habar berdi. Neşiriň jikme-jik ýazmagyna görä, ol ir sagat 8:20-de öýünden çykyp, Berliniň Unter-den-Linden köçesinde ýerleşýän Bundestagdaky ofisine ugrady, soňra Hit Ullrich dükanyna bardy. Merkeliň ýanynda şahsy goragçysy bardy, emma harytly arabany onuň özi tigirledi.
Ýeri gelende aýtsak, Angela Merkel 4-nji dekabrda hormat bilen ýurduň kansleri wezipesinden ugradyldy. Watandaşlaryna iň soňky ýüzlenmesinde Merkel ilaty ýokanja garşy sanjym almaga çagyrdy we çäklendirmeleri berjaý edýän raýatlaryna minnetdarlyk bildirdi.
Düýn «Spiegel» neşiri öňki kansleriň öz terjimehal kitabyny çap etdirmekçidigini habar berdi, ol kitabyny üç ýylda tamamlamakçy. Bu barada onuň öňki kömekçisi Beate Bauman neşire beren beýanatynda gürrüň berdi.
«Kansler öz bütin durmuş ýoluny gürrüň bermekçi däl, ol esasy syýasy garaýyşlary hakynda öz sözi hem-de durmuş tejribesine esaslanyp, gürrüň bermek isleýär» diýip, Bauman nygtady.