Italiýada Maradona heýkel dikildi

17:4628.11.2021
0
739

Italiýanyň Neapol şäherinde Argentinanyň öňki rowaýaty futbolçysy Diýego Maradonanyň heýkeli açyldy, ol ýerli futbol stadionynyň öňünde oturdyldy diýip, «Napoli Today» portaly habar berýär.

Heýkeltaraş Domeniko Sepe tarapyndan döredilen heýkelde ýaş Maradona oýun wagty pökgüni kowalap barýan keşpde görkezilipdir.

Maradona 1980-nji ýyllarda ýerli «Napoli» futbol klubynda oýnapdy.

Ýadygärlik onuň aradan çykmagynyň bir ýyllygyna gabatlanyp açyldy, dabara oýunçynyň ogly Diýego Armando Maradona-kiçi gatnaşdy.

Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda ýürek ýetmezçiliginden aradan çykdy.

Ol «Barselona», «Napoli» we «Nýuells Old Boýz» toparlaryndaky oýny bilen meşhurlyk gazandy. Argentinanyň ýygyndy toparynyň düzüminde 1986-njy ýylda dünýä çempiony boldy.

Maradona dünýä futbolunyň iň beýik oýunçylarynyň biri hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň