Ähli döwürleriň iň meşhur aýdymy yglan edildi

15:1527.11.2021
0
1341

Kanadaly aýdymçy The Weeknd tarapyndan ýerine ýetirilen «Blinding Lights» diýen aýdym «Billboard» žurnaly tarapyndan ähli döwürleriň iň meşhur aýdymy diýlip yglan edildi. Bu kompozisiýa Hot 100 sanawynda amerikaly aýdymçy Çabbi Çekeriň «The Twist» atly aýdymynyň ornuny çalyşdy.

Habarda The Weeknd toparynyň «Blinding Lights» aýdymynyň iň köp diňlenýän aýdymlaryň sanawynda 90 hepdeläp saklanyp, rekord goýandygy aýdylýar, hut şunuň üçin žurnal ony «Ähli döwürleriň iň ajaýyp aýdym eseri» diýip atlandyrdy.

Şu ýylyň maýynda The Weeknd atly ýerine ýetiriji Billboard Music Awards baýragyna on ugur boýunça mynasyp boldy, ol şeýle-de ýylyň iň oňat aýdymçysy diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň