Turkmenportal logo
25.11.21
955955
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şwesiýanyň täze premýer-ministri iş başyndan gitmek kararyna geldi

Şwesiýanyň Sosial-demokratik işçiler partiýasynyň öňbaşçysy Magdalena Andersson çarşenbe güni «ýaşyllaryň» hökümeti terk etmek kararyndan soň iş başyndan gidýändigini yglan etdi. Ol mundan birnäçe sagat öňüsyrasy Mejlisde ses berlişikde ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlanypdy. Bu barada Radio Sweden radioýaýlymy habar berdi.


Andersson öz kararyny: «Men kanunylygy şübhe astyna alynýan hökümete ýolbaşçylyk etmek islemeýärin» diýip, delillendirdi.


Habarda şeýle-de «24-nji noýabrda hökümetiň hödürlän döwlet býujetiniň taslamasy şwed riksdagynda (Mejlisde) ses berlişigiň jemleri boýunça köp ses gazanyp bilmedi, deputatlaryň köplügi tersine, oppozisiýanyň teklip eden taslamasyny goldadylar» diýilýär.


Öň, 10-njy noýabrda Şwesiýanyň premýer-ministri Stefan Lewen hem iş başyndan gidipdi, onuň bu karary Magdalena Andersson üçin bu wezipä göni ýol açdy.