Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maryda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi

23:2422.11.2021
0
3626

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Mary şäherinde çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» futbol baýramçylygyny gurady.

Guralan baýramçylyk çäresinde Mary welaýatynyň futbol mekdepleriniň ýaşajyk futbolçylary öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar.

Mary şäherinde geçirilen «Grassroots» futbol baýramçylygynyň dowamynda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol mekdeplerine ýokary hilli futbol toplary bilen birlikde, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Golaý wagtda TFF-niň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň bilelikde gatnaşmagyndaky çagalar futbol festiwallary ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň