Soňky habarlar

Arhiw

“Misli” hususy kärhanasy mebelleri arassalamak hyzmatyny hödürleýär

15:2020.11.2021
0
2526

Oňaýlylyk rahat durmuşy üpjün edýän her bir zatdan hasyl bolýar diýilýär. Bu çyndanam şeýle. Durmuşymyzyň, gündelik ulanýan zatlarymyzyň oňaýly hem arassa bolmagy hemişe üns merkezimizde durýar. Otagymyzyň göwnejaýlygy, ýatýan düşegimiziň, ýassygymyzyň ýakymlylygy, öýümize bezeg berýän mebellerimiziň arassa-tämizligi hem durmuşymyzy üpjün edýän zatlardyr.

Ýumşak we mylaýym, süýji ukulary bagyş edýän mebellerimiziň uzak wagtlap arassa saklanmagy, olary wagtly-wagtyna ýörite enjamlarda tämizleýji serişdeler bilen ýuwmak tehnologiýasy gün-günden kämilleşýär. Bu tehnologiýalar esasynda häzirki wagtda Türkmenistanyň hem birnäçe ýerlerinde hyzmat merkezleri açylyp, raýatlara döwrebap hyzmatlar hödürlenýär. Olardan “Misli” hususy kärhanasynyň mebel düşeklerini we beýleki mebel önümlerini ýokary hilde arassalamak hyzmatyny müşderilere ýetirýärýandigini aýratyn bellemek bolar.

“Misli” hususy kärhanasy mebelleri arassalamak, ýuwmak, tämizlemek işlerini Germaniýanyň we ABŞ-nyň ýokary hilli tehnikalary arkaly ýerine ýetirýär. Şunuň bilen kärhana degişli tehnologiýa enjamlaryny ýurda import etmekde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Kärhananyň hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderiler özleriniň öý mebelleriniň himiki taýdan doly arassalanmagyny, tozanynyň aýrylmagyny gazanarlar.

Wagtyň geçmegi bilen hapalanýan, könelýän mebel düşeklerini, diwanlary, kreslolary we beýleki dürli deriler bilen örtülen mebelleriň arassaçylygyny kepillikli ýuwýan kärhana bu ugurda öý hojalyk esbaplaryny ýerlikli, talabalaýyk ulanmak babatda hem degişli ugra ýöriteleşen hünärmenleriň maslahatlaryny berýär. Mebelleri arassalamakda bolsa hünärmenler azyndan 6 aýdan bir gezek olary arassaçylyk tehnikalary esasynda ýuwmagyň zerurdygyny aýdýarlar.

Mebel we beýleki öý hojalyk esbaplaryňyzy ýuwup arassalatmak isleseňiz, şu görkezilen salgylar boýunça “Misli” hususy kärhanasynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Telefon belgisi: +993 65 668987;

Instagram salgysy: @misli_hk

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň