Belta habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, meksikaly nakgaş zenan Frida Kalonyň “Diýego we men” diýen awtoportreti Nýu-Ýorkdaky Sotheby's söwda öýünde 34,8 million dollara satyldy. Bu latyn amerikaly suratkeşler üçin rekord derejedäki söwdalaşykdyr.
Eser 1949-njy ýylyň iýunynda döredilip, ol Frida Kalonyň giçki döredijiligine degişlidir. Eserde nakgaş zenanyň ýigrimi ýyl ýaşaşan adamsyna bolan çirksiz söýgüsi şöhlelenýär.
Suratda nakgaş zenan öz keşbiniň maňlaýynda adamsy Diýego Riweronyň keşbini şekillendiripdir, şunda Diýegonyň maňlaýynda üçünji göz hem bar.
Şu wagta çenli kartina hususy toplumda saklanýardy, eser dürli ýyllarda Kalonyň Madridde, Frankfurtda, Dallasda we Mehikoda geçen sergilerinde jemagata görkezildi.
Awtoportretler meksikaly suratkeş zenanyň döredijiliginde agramly orny eýeleýär.