Turkmenportal logo
18.11.21
844844
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kembrij sözlügi 2021-nji ýylyň esasy sözüni yglan etdi

Kembrij unuwersitetiniň sözlügi iňlis dilinde 2021-nji ýylyň iň baş sözüni mälim etdi, ol “tutanýerlilik” (perseverance) sözüdir. Bu barada sözlügiň Twitterdäki sahypasynda habar berildi.


Habarda bu sözüň kesgitlemesiniň 2021-nji ýylyň dowamynda sözlükden 243 müň gezek gözlenendigi aýdylýar. Gözleg sowalnamasy haçanda NASA Perseverance marsgezeri Mars planetasyna baryp gonandan soň has-da artypdyr.


“Tutanýerlilik” sözüniň köp gözlenmegi, eýsem, bütin dünýäde adamlaryň 2021-nji ýylda bolup geçen kynçylykly ýagdaýlarda ýan bermän, öňe gitmek meýlini aňladýar” diýlip, saýtda nygtalýar.


Ýeri gelende aýtsak, iňlis diliniň Oksford sözlügi şu ýylyň esasy sözi hökmünde vax sözüni yglan edipdi, ol hem at, hem işlik bolmak bilen, “waksina”, “waksinirlemek” görnüşinde “sanjym” we “sanjym etmek” diýmegi aňladýar.