Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gurjak teatry çagalar üçin täze sahna eserini taýýarlaýar

17:5316.11.2021
0
8565

Gurjak teatry ýörite çagalar üçin niýetlenen teatr hasap edilýär. Galyberse-de, gurjak teatry, çagalaryň we ýetginjekleriň durmuşynyň ilkinji teatry bolup, olarda ýagşylyk we ýamanlyk, oňat niýet we betniýetlilik, dostluk we wepalylyk, dogruçyllyk we özüňi dogry alyp barmak barada esasy düşünjeleri kämilleşdirýär. Häzirki wagtda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň topary tarapyndan ýazyjy Sergeý Mihalkowyň eseri esasynda, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowanyň režisýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan “Gopbam Towşanjyk” (“Заяц-зазнайка”) atly täze pýesanyň gahrymanlary bu hili gymmatlyklar hakda gürrüň berýärler.

Spektakl üç dostuň — towşanyň, horazyň we geçiniň ýaşaýan tokaýynda bolup geçýär. Günlerde bir gün towşanyň eline ýarag düşýär we ol öwünjeňlik bilen dostlarynyň ýanynda özüni gopbam alyp barýar. Ertekide tokaý gyrymsylygynyň gözelligini goraýan tokaýyň gözegçisiniň özüne çekiji keşbi hem hereket edýär. Ýaş tomaşaçylar gulajyklary keýerýän öwünjeňje towşanjygyň başdangeçirmeleriniň dowamyny gurjak teatrynyň sahnasynda ýerine ýetiriljek spektakla tomaşa etmek bilen görüp bilerler.

Teatryň sahnalaşdyrýan eserleri, esasan, ýaş tomaşaçylara niýetlenilýär. Repertuarda 40-dan gowrak çykyş bar we häzirki zaman toplumynyň uly zalynda 300 çaga, kiçi zalynda bolsa 200 çaga tomaşa edip bilýär.

Türkmen döwlet gurjak teatry ýurtda gurjakly oýunlary tomaşaçylara ýetirýän ýeke-täk teatrdyr. Meýdany 7600 inedördül metr bolan bu bina 2005-nji ýylda Aşgabatda gurlup ulanylmaga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň