Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenfilm” dekabr aýyndaky film täzeliklerini tanyş etdi

17:3016.11.2021
0
15704

Dekabr aýy Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň täze filmlerine baý bolar. Häzirki zaman türkmen kinematografy kinostudiýanyň režissýorlary tarapyndan taýýarlanylýan birnäçe täze filmler bilen doldurylar.

Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda Batyr Batyrowyň režissýorlygyndaky milli aýdym-saz hem-de dutar baradaky “Hajy Golak” ýaly filmler tomaşaçylara ýetiriler, şeýle-de Annadurdy Täşliýewiň awtorlygyndaky “Söýgi mukamy” atly çeper film şäher durmuşyna, täze binalara we şäher peýzažyna bagyşlanar. Isgendermuhammet Annamuhammedowyň “Bakyş” atly gysga metražly kinokartinasy bolsa ajaýyp söýgi barada gürrüň berýär.

Türkmen kinorežissýorlarynyň dokumental filmleriniň arasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we durmuşynda bolup geçýän häzirki zaman wakalaryna bagyşlanan filmler bar. Ýaş dokumental kinorežissýor Amangylyç Şarlyýewiň “Arkadagyň ak ýoly” filmi Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň ägirt uly gurluşyk taslamasy barada gürrüň berýär, “Binýat” atly film hem ýurduň raýatlygyny alyp, ýaşap ýören adamlaryň durmuşyny beýan edýär. Bu dokumental filmiň awtory Rahymberdi Annagulyýewdir. Ýeri gelende bellesek, awtoryň heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň ömrüni we döredijiligini açyp görkezýän telefilmleriniň ýene biri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Menin Watanym” atly türkmen film festiwalynda ýeňiji boldy.

Kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň ýetimleriň ykbaly dogrusynda söz açýan “Alkyşnama” filmi we Jepbar Aşyrgeldiýewiň saglyk hem-de sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky “Il saglygy — ýurt baýlygy” atly filmi kinostudiýanyň filmleriniň üstüni ýetirer.

Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda bolsa türkmen kinorežissýorlarynyň fentezi we maşgala kinosy žanryndaky täze komediýalary görkeziler. Arslan Eýeberdiýewiň “Syrly sowgat” atly gysga metražly filmi, Myrat Öwezowyň “Geldi Täze ýyl” we Sapardurdy Annaýewiň “Sowgat” atly filmleri tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny göterip, çagalarda hem-de uly ýaşlylarda gyzyklanma döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň