Halkara Bitaraplyk güni bilen Täze ýyl baýramy mynasybetli «Datmeni» haryt nyşanly nogullaryň täze görnüşleri öndürilýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 15-nji noýabrdaky sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Şanly senelere mynasyp sowgatlar» atly makalada habar berilýär.
2017-nji ýylda işe girizilen, telekeçi Meret Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhananyň öndürýän «Datmeni», «Dat», «Seýrek aý», «Derek» haryt nyşanly konditer hem-de däneli önümleri halk köpçüligi tarapyndan köp satyn alynýan islegli harytlardyr.
Bu hususy kärhanada «Datmeni» haryt nyşanly, ýörite çüýşelere gaplanan miwe suwlary, dürli görnüşli mürepbeler, kökeleriň 21 görnüşi, miwe tagamly marmeladlar, zefirler hem öndürilýär. Belli bir ölçegde, «Dat» haryt nyşanly polietilen gaplara gaplanan, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän, oňat arassalanan tüwi, noýba, mäş önümleri hem söwda merkezlerimizdir ak bazarlarymyzyň geçginli harytlarydyr. Bulardan başga-da, «Dat» haryt nyşanly ýodlaşdyrylan nahar duzy hem bar. «Seýrek aý» we «Dat» haryt nyşanly gaplara gaplanan, arassalanan we gowrulan çigitlerdir dürli görnüşli maňyzlar diňe bir çagalarymyzy däl, eýsem, ululary-da begendirýär.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän hususy kärhana Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna daşy şokoladly, içi maňyzly, kişmişli, badamly nogullaryň täze görnüşlerini öndürip, «Datmeni» haryt nyşanly, göze gelüwli, owadan gaplara gaplap, halk köpçüligine ýetirmegi meýilleşdirýär.
