Soňky habarlar

Arhiw

“Gark bolýan” döwletiň ministri suwda durup, kömek sorady

14:4910.11.2021
0
1871

Tuwalu döwletiniň ýustisiýa, aragatnaşyk hem-de daşary işler ministri Saýmon Kofe ummanyň kenarynda dyzyna çenli suwuň içinde durup, Glazgo şäherinde klimatyň üýtgemegine garşy geçýän COP26 sammitine gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Bu barada RIAnowosti habarlar gullugy ýazýar.

Syýasatçy öz ýüzlenmesini Youtube ýaýlymynda ýerleşdirdi. “Klimatyň üýtgemegi we ummanyň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy heläkçiliklidir. Bu meseleler Tuwalu ýaly Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna howp salýar. Biz gark bolýarys” diýip, ol aýtdy.

Döwlet ýolbaşçysy sammite gatnaşyjylara wideoýüzlenmesini Tuwalunyň we BMG-niň baýdaklarynyň öňünde münberden ýazgy edipdir, onuň yzynda bolsa, ummanyň suwlary ýaýylyp ýatyr.

Öň daşary ýurt habar beriş serişdeleri Tuwaluny ählumumy howa maýlamasy hem-de buzluklaryň eremegi sebäpli Ýer ýüzünden ýitip ýok bolmak howpy abanýan ada döwletleriň hataryna girizipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň