Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nurýagdy Baýramow — bagşylar maşgalasynyň esasyny goýan

12:0507.11.2021
0
10876

Nurýagdy Baýramow 1938-nji ýylyň 3-nji awgustynda “Bagşylaryň obasy” diýlip tanalýan Ahal welaýatynyň Ýaňgala obasynda doguldy. Bu ýerde köp zehinli bagşylar dünýä inip, önüp-ösdi, olardan gyjakçy Çary Gurbanowy, Mylly Täçmyradowy, Çary Ödegi, Aýmämmet Aşyrowy belläp geçmek bolar.

Daýysy Bäşim Meret Türkmen döwlet halk aýdym-saz orkestriniň gyjakçysy bolup işledi, ol Nura dutar çalmagy öwreden ilkinji adamdy. Bäşim aga 1948-nji ýyldaky ýer titremesinde aradan çykdy.

1953-nji ýylda ýedi ýyllyk mekdebi tamamlanyndan soň, Nurýagdy ussat halypa Mylla Täçmuradowyň ýolbaşçylygyndaky aýdym-saz toparyna ýazyldy. Meşhur sazanda Tugur Berdiniýazow onuň halypasy boldy.

Döredijilik döwründe Nurýagdy Baýramow ussat gyjakçy, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, dirižýor we kompozitor Annageldi Jülgäýew we onuň döredijilik topary bilen köp ýurtlary aýlanyp, Eýranda, Siriýada, Iordaniýada, Şwesiýada, Maltada we Ýaponiýada çykyş etdi.

Soňlugy bilen Nurýagdy Baýramow Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynda dutar saz guralynyň tärlerini öwredip başlady. Türkmenistanyň at gazanan artisti Arslan Atdanow, Gülbahar Bäşimowa, Şadurdy Baýjykow,

Magtymguly Magtymgulyýew, Çemen Hommatöwezowa ýaly meşhur bagşylaryň ýetişmeginde ussatlyk mekdebi boldy.

Nurýagdy Baýramowyň aýdym-saz ýoluny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutar mugallymy bolup zähmet çekýän ogly Merdan Baýramow we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy — agtygy Serdar Baýramow dagy mynasyp dowam edýärler. Nurýagdy Baýramowyň inisi Rüstem hem Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň Medeniýet we işewürlik merkeziniň bagşysy hökmünde zähmet çekýär.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň