Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 248 sany birža söwdasy amala aşyrylyp, olarda 2082 geleşik baglaşyldy. Bu barada şu gün geçirilen iş maslahatynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew döwlet Baştutanyna hasaat berdi.
Hasabat döwründe hasaba alnan eksport-import şertnamalarynyň umumy bahasy 23 milliard 372 million manada deň bolup, olardan eksport şertnamalary amallaryň 23,8 göterimini, import şertnamalary amallaryň 76,2 göterimini düzýär.
Milletiň Lideriniň tabşyryklaryna laýyklykda, biržada elektron resminama dolanyşygy ornaşdyryldy. Elektron resminama dolanyşygynyň, şertnamalary bellige almagyň, birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmek üçin ulgamy tehniki taýdan işläp taýýarlamak we işe girizmek maksady bilen halkara bäsleşik yglan edildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany biržanyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň görkezijisi, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegi aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly çeşmesi bolup hyzmat edýändigini aýdyp, birža söwdalaryny has-da ösdürmek hem-de olaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milletiň Lideri türkmen eksport harytlary üçin durnukly nyrhy emele getirmegiň usullaryny döretmegiň esasy wezipedigine ünsi çekdi. Munuň özi girdejileriň artmagyna hem-de halkara bazarlarda döwletimiziň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.
