“Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy dokuzynjy doglan gününi meýletinçileriň ýygnagy bilen belläp geçdi. Meýletinçiler guramanyň adamlara kömek etmek üçin taslamalaryny durmuşa geçirmeginde esasy güýç bolup durýar.
“Ýeňme” meýletinçileriniň arasynda dürli ýaş toparlardan we dürli hünärlerden bolan adamlar — mekdep okuwçylary, talyplar, dürli guramalaryň hünärmenleri, şeýle-de pensionerler bar.
Meýletinçiler üçin geçirilen ýygnakda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, geljek üçin niýetlenen meýilnamalar, ýaşlaryň çärelerini geçirmek baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. “Ýeňme” haýyr-sahawat we jemgyýetçilik çäreleriniň durmuşa geçirilmegine islendik adam gatnaşyp biler, munuň üçin diňe adamlara kömek etmek we meýletinçi hökmünde gurama ýüz tutmak ýeterlikdir.
“Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň 2012-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döredilendigini ýatladýarys. Dokuz ýyl bäri bu gurama köplere kömek edip gelýär, ilatyň hormatyna we ynamyna eýe bolup, adamlara degişli onlarça taslamany durmuşa geçirdi. “Ýeňme” guramasynyň kömek edýän toparlarynyň arasynda maýyplar, garrylar, ýaşlar, kyn durmuşdaky adamlar we beýlekiler bar.
Guramanyň işgärleri her ýylda durmuşa geçirilýän we ýörgünli däbe öwrülen köp sanly başlangyçlaryň düýbüni tutdular. Muňa konsertler we sergiler-ýarmarkalar, jemgyýetçilik mowzuklary boýunça surat bäsleşikleri, ýaşlar, garry adamlar we beýlekiler üçin çäreler degişlidir.
Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistanyň hökümetiniň bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde jemgyýetçilik derejesinde hyzmatlaryň täze görnüşini durmuşa geçirmek babatda BMGÖM-iň kiçi kömek goldawy bilen gurama bu ýylda ýerli derejede täze jemgyýetçilik hyzmatlaryny synagdan geçirmekde bäsdeşlik işini üstünlikli geçdi.