Top.Mail.Ru

“Ýüpekçi” HJ halkara sertifikasion auditden geçdi

16:4620.10.2021
0
11518

“Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti FSSC 22000 halkara azyk howpsuzlygy ulgamyna we ISO 9001: 2015 hil dolandyryşyna laýyklykda, sertifikat barlagyny geçen ilkinji türkmen kärhanasy boldy. Barlag audit boýunça öňdebaryjy, obýektiw we garaşsyz audit kompaniýasy hökmünde abraý gazanan TUV holdingi (Germaniýa) tarapyndan geçirildi.

Nemes gözleg guramasy TUV Thuringen e.V. bütin dünýäde ykrar edilýär we kompaniýa üçin giň eksport mümkinçiliklerini açýar, şeýle hem ýokary sarp edijiniň ynamyny gazanýar.

“Ýüpekçi-niň” önümleri ýerli bazarda giňden tanalýar we meşhur “Bold”, “Bulvar”, “Ýedigen”, “Hoşal”, “Näzli” we “Buzz” markalarynda alkogolsyz içgileri we miwe suwlaryny hödürleýär. Hil ulgamynyň täze görnüşi kärhananyň işine “Standart hyzmat” türkmen konsalting kompaniýasy tarapyndan girizildi.

“Häzirki zaman hil ülňüleri önümleriň howpsuzlygyny ýokarlandyrýar, kompaniýanyň daşarky faktorlara garşylygy, ähli müşderilere ýokary hilli we ygtybarly önüm satyn alýandyklaryna doly kepillik berýär"-diýip, konsalting kompaniýasynyň hünärmeni Suraý Artykowa aýtdy.

“Ýüpekçi” HJ 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň bazarynda giňden peýdalanylýar. Kompaniýa önümleriň görnüşini giňeltmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar. Golaýda kompaniýanyň täze tagamly “Bold City Edition” we “Bold Wild Edition”, şeýle hem “Bulvar” mineral suwy bolan içgileri satuwa çykardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň